Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda giň gerimli çäreler
dabaralandyryldy. Şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň harby gullukçylary, serkerdeler, harby talyplar we okuwçylar
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji
Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ussat mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhammet
Annaýewiň heýkeline buýsanç bilen tagzym edip, gül desselerini goýdular.
Merdana pederlerimiziň amala aşyran beýik işlerini mynasyp derejede dowam
etdirmegi özlerine mukaddes borç hasaplaýan harby gullukçylar Berdimuhammet
Annaýewiň edermenliklerinden nusga alýarlar. Berdimuhammet Annaýewiň halkyň
öňünde bitiren hyzmatlary, asylly häsiýetleri, Watany goramakda, il-halka
hyzmat etmekde nusgalyk göreldesi her bir Watan goragçysynda bu beýik
şahsyýetiň göreldesine eýerýändigi üçin çäksiz buýsanç döredýär.
Taryhymyzda öçmejek yz goýan beýik şahsyýeti hormatlap, dabara gatnaşyjylar
mundan beýläk hem geljekde mähriban halkymyzyň asuda-parahat ýaşaýşyny üpjün
etmekde güýç-kuwwatlaryny gaýgyrmajakdyklaryny aýdyp, Watana gulluk etmäge
uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly belent
Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw
etdiler.