Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriniň harby okuwçylary
Beýik Watançylyk urşunyň frontlarynda söweşen pederlerimiziň harby däplerini
dowam etdirijiler bolup durýar. Şu günki Ýeňiş ýörişinden olar ilkinji harby mekdepleriň
düýbüni tutujy Suworow adyndaky harby mekdepleriniň harby okuwçylarynyň lybaslaryny
geýip geçdiler. Bu mekdepler ilkinji gezek Beýik Watançylyk urşy döwründe
açyldy. Olar frontda wepat bolan esgerleriň we partizanlaryň çagalaryny harby
düzgünde terbiýeledi we şol çagalardan Gyzyl goşunyň serkerdelerini taýýarlady.
1941–1945-nji
ýyllaryň urşunda mekdep ýaşyna ýetmedik we mekdep ýaşyndaky müňlerçe çagalar
eklençsiz, öýsüz galdylar. Olaryň köpüsi diňe ene-atasyny däl, eýsem, ýakyn
garyndaşlaryny hem ýitirdiler. Ilkinji harby okuwçylaryň arasynda söweşlere
gatnaşanlary hem bardy. Olaryň käbiri hökümet sylaglaryna hem eýe boldy.
Ýurdumyzda
Ýeňiş ýörişiniň geçirilmegi – uly terbiýeçilik ähmiýetine hem eýedir. Täze nesiller gahrymanlary tanamaly, olaryň
hatyrasyna hormat goýmaly we däp-dessurlaryny dowam etdirmeli. Harby
okuwçylarymyzyň bu ýörişe gatnaşmaklary türkmen ýaşlarynyň watançylyk ruhunyň
belentdiginden, halkymyza azatlygy we parahatçylygy miras galdyran pederlerimiziň
beýik edermenligine uly hormat goýýandygyndan nyşandyr.
«Milli goşun».