milli goshun logo
Harby gullukçylaryň döredijilik üstünlikleri
Harby gullukçylaryň döredijilik üstünlikleri
15.06.2019 1604 Harby Bilim

Golaýda, «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» ýylynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wagyz etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçirilen «Berkarar döwletiň – ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň merkezi geňeşiniň, «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde gurnan bäsleşigine ýurdumyzyň dürli künjeklerinden ýaş zehinli döredijilik ukyply ýaşlar, şol sanda harby gullukçylar hem gatnaşdy. Olardan Tejen garnizonyna degişli harby bölümiň iň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy, uly leýtenant Hemra Bäşimowyň, «Milli goşun» redaksiýasynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Baky Amanýazowyň, Kerki garnizonyna degişli harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Batyrmuhammet Orazowyň bäsleşige hödürlän eserlerine ýokary baha berlip, ýeňiji diýlip yglan edildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.

 «Milli goşun».