Şanly
Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullukçylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze
çykarmak we olaryň ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen «Berkarar
döwletiň bagtyýar Watan goragçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi
jemlendi.
Bäsleşigiň
düzgünine laýyklykda, deslapky tapgyrlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
ähli harby bölümlerinde geçirilip, soňra garnizon derejesinde geçiriljek bäsleşige
gatnaşyjylar saýlanyldy. Garnizon derejesinde geçiriljek bäsleşikde bolsa
bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak garnizonyň ýygyndy toparlary düzüldi.
10-dan artyk bolmadyk esgerden ybarat bolan garnizonyň ýygyndy toparlary bäsleşigiň
jemleýji tapgyrynda 4 şert boýunça, ýagny çeper okaýyş; hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň kitaplaryndan bir rowaýaty sahnalaşdyrmak; matal, ýaňyltmaç
hem-de şorta söz aýtmak; test görnüşinde düzülen soraglara jogap bermek ýaly
şertler boýunça bäsleşdiler.
Netije-de,
bäsleşigiň umumy jemi boýunça Mary garnizonynyň ýygyndy topary 1-nji orna,
Serdar garnizonynyň ýygyndy topary 2-nji orna, Aşgabat garnizonynyň we
Türkmenabat garnizonynyň ýygyndy toparlary degişlilikde 3-nji orna mynasyp
boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky
ilkinji Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary
gowşuryldy.
«Milli goşun».