Bu gün şanly sene – ýurdumyzyň
asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda duran synmaz erkli, gujur-gaýratly
merdana gerçeklerimiziň baýramy – Watan goragçylarynyň güni! «Halkyň Arkadagly
zamanasy» ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy,
ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini tüýs ýürekden
mähirli gutlaýarys!
Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdi.
Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlandyryldy. Şeýle ajaýyp
mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watanymyzyň
asudalygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň binýadyny berkitmek bilen mähriban
halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladasynyň netijesidir. Goý,
hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýdyşy ýaly, «Ýaşasyn parahat durmuş!».
«Milli goşunyň» agzybir döredijilik
topary bolup, Watan goragçylarynyň güni bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy,
milli goşunymyzyň edermenlerini tüýs ýürekden gutlaýarys! Watan goragçylaryna
ýurt goragyndaky jogapkärçilikli gulluklarynda üstünlikleri arzuw edýäris! Goý,
jan Watanymyz Türkmenistanda parahatlyk baýdagy belentde parlasyn!
«Milli goşun».