Ine, dünýä ýurtlarynda we güneşli türkmen
ülkämizde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni ýetip geldi. Türkmen halky
gadym döwürlerden bäri zenanlary uly hormatlap, olary öýlerimiziň tuwagy
hasaplap gelipdirler. Olar
hemişe we hemme işde merdanalygyň, gaýratlylygyň, edermenligiň belent nusgasyny
görkezipdirler.
Hawa, bagtyýarlyk döwrümizde türkmen
zenanlary taryhda belent ykbally zenanlar hökmünde tanalan Tumar şanyň,
Zarinanyň, Banu Çiçegiň, Burla hatynyň, Altynjan hatynyň, Agaýunusdyr
Harmandäliniň, Gülaýymyň, Türkan hatynyň, Mähri hatynyň, Güljemal hanyň... müdimi
goýan nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçlerinde zenan harby gullukçylaryň müňlerçesi zähmet çekýär. Olar öz
ykballaryny Watanyň, ene topragyň ykbaly bilen mäkäm baglap, halkymyza,
hormatly Belent Serkerdebaşymyza, ulus-ilimize ak ýürekden gulluk edýärler. Bu
gün bolsa, olaryň baýramy!
Baýram gününde sizi, ýok, diňe zenan
harby gullukçylarymyzy däl, ýaz paslynyň owadan al-elwan güllerinden görk alan,
nurly Kuýaşdan reňk alan, ýüzleri on dördi gijäniň aýyna deňelýän ähli türkmen
zenanlarymyzy 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaýarys! Siziň her biriňiziň asly halal, döwletli maşgala ojaklaryňyzda elmydama agzybirligiň
we asudalygyň höküm sürüp, şadyýan çaga gülküleriniň belentden ýaňlanyp,
sahawatly türkmen topragynda ýetişýän näz-nygmatlaryň elmydama rysgal-bereketli
saçaklaryňyzy bezäp durmagyny, on sekiz müň älemiň ähli gözelligi size hemra
bolup, türkmen öýüni bezäp, nur saçyp ýaşamagyňyzy arzuw edýäris! Goý, bagtyňyz
bahar bägülleri ýaly parlak bolsun! Tapylmaýan, tapylsa-da satylmaýan bagt
köňül guşuňyza öwrülip, ykbal ýollaryňyzda size mydama kölege bolsun!
Mährem zenanlar, bu gün «Milli goşunyň» döredijilik topary siziň
ähliňize iň aňrybaş älem gowulyklaryny arzuwlaýar. Baýramyňyz gutly bolsun,
kümüş saçly enelerimiz we mähriban türkmen gelin-gyzlarymyz!
«Milli goşun».