Ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni
mynasybetli medeni çäreler yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Paýtagtymyzdaky «Gül zaman»
medeni dynç alyş merkezinde hem bu baýramyň şanyna «Watan goragy – merdanalyk
mekdebi» atly aýdym-sazly medeni dynç alyş çäresi guraldy.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen
dabara Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde eziz Watanymyza gulluk
edýän harby gullukçylar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Harby institutynyň, Merkezi serkerdeler öýüniň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky
1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň, şeýle hem «Göreldeli» harby orkestriň harby
gullukçylarynyň belent owazda ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary oňa
gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny has-da artdyrdy.
Joşgunly owazda ýerine ýetirilen
aýdymdyr sazlarda eziz Watanymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
baştutanlygynda belent maksatlar bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzyň ýeten
rowaçlyklarynyň waspy belentden ýaňlandy.
Konserte gatnaşyjy Watan goragçylary
özleriniň ajaýyp baýramynyň joşgunly ruhubelentlige beslenip geçirilmegi üçin
uly mümkinçilikleri döredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyş sözlerini
aýtdylar.
Has köp
suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».