Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk
urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen uruş we tyl weteranlaryny
sylaglamak dabaralary Balkan welaýatynda hem ýaýbaňlandyryldy.
Urşuň ýalynly
ýyllarynda alys ülkelerde dogduk Watanyny goran balkanly uruş weteranlarynyň birnäçesiniň
orden-medaldan doly döşlerinden ýene-de bir medal orun tapdy. Bu olaryň uly
mähir we alada bilen gurşalýandygyndan nyşan. Şeýle-de, ýubileý medallary
olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň ýüzlerçesine gowşurylyp,
olara baýramçylyk sowgatlary berildi. Bu dabaralar Balkan welaýat häkimligi we Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan guraldy.
Beýik Watançylyk urşunda geljekki nesilleriň
bagtyýar durmuşy üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz, sag-aman ata
Watanymyza dolanyp gelen we häzir hem aramyzda ýaşap ýören merdana uruş
weteranlarymyz, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojaklaryny gözleriniň göreji
deýin saklan ak saçly enelerimiz, biziň üçin gahrymançylygyň, mertligiň,
wepadarlygyň ölmez-ýitmez mekdebidir. Gahrymanlar hiç haçan ölmeýärler. Olaryň
ady ebedi ýaşap, nesillere batyrlygyň, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny peşgeş
berýär. Biz ─ harby gullukçylar gahrymanlaryň öňünde baş egýäris!
«Milli goşun».