Hiç
kim unudylanok, hiç zat ýatdan çykarylanok. Minnetdar nesiller edermen
ata-babalaryny, agalaryny hormat bilen ýatlaýarlar, wepat bolanlaryň hatyrasyny
belent tutýarlar, olaryň edermenlikleriniň öňünde baş egýärler. Bu gün her bir
türkmen maşgalasynda Beýik Watançylyk urşunyň jeň meýdanlarynda gaýduwsyzlyk
bilen söweşen maşgala agzalarynyň hatyrasy mukaddeslik hökmünde goralyp
saklanýar. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde edermen halkymyz «Baky
polk» atly halkara hereketine goşulyp, öz gahrymanlarynyň atlaryny
ebedileşdirýär.
Ynha,
ýene-de, bu meşhur günde, biziň azatlygymyz ugrunda gaýduwsyzlyk bilen söweşen
merdana ýigitlerimiziň nesilleri söweş nyzamy bilen gadam urýarlar. Olaryň ellerinde
bolsa şol merdanalarymyzyň portretleri. Ýörişiň öňünde hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň mähriban atasynyň – Berdimuhamet Annaýewiň portretini görmek
bolýar. Häzirki wagtda onuň söweş ýoly ýaşlarymyzda Watana bolan söýgini döredýär.
«Milli goşun».