Düýn – 27-nji
dekabrda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň aýratyn
tapawutlanan ýaşlaryny döwlet sylaglary bilen sylaglamak dabarasy boldy.
Dabarada tutanýerli
zähmeti bilen Watanymyzyň abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşan ýaşlaryň uly
topary, hususan-da, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýaş serkerdeleri
Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy. Olaryň
arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçysy Guwançmuhammet
Orazow hem bu döwlet sylagyna eýe boldy.
Ýaşlar ýylynyň
dowamynda ýaş türgenlerimiz abraýly halkara ýaryşlarda, aýratyn-da,
paýtagtymyzda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionatynda gazanylan ýeňişlere
mynasyp goşant goşmagy başardylar. Şu ýyl futbol boýunça ýurdumyzyň
çempionatynda hem-de Kubogynda ýeňiji bolan «Arkadag» toparyna hormatly
Prezidentimiziň adyndan MAN kysymly awtobus sowgat berildi. Kuraş boýunça dünýä
çempionatynda altyn medal gazanan türgenlere, şol sanda Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň harby gullukçysy, leýtenant Wepa Awlýakulyýewe hormatly
Prezidentimiziň adyndan «Toyota Fortuner SR5» kysymly awtoulagyň gowşurylmagy ýurdumyzda
türkmen sportunyň abraýyny belende göterýän harby türgenlere uly ynam
bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. «Ýurduň abraýyna abraý goşmak,
Watan goragçylarynyň ynamyny ödemek meniň üçin uly bagt» diýip, harby türgen ýürek
buýsanjyny beýan etdi.
Pälwanlarymyzy dünýä çempionatyna taýýarlan
tälimçiler Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa «Türkmenistanyň at gazanan
tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy hem-de «Toyota Camry» awtoulagy bilen
sylaglandy.
Dabaranyň barşynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak hem-de şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri hem sylaglanyldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýewiň bu bäsleşikde ýeňiji bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolmagy merdana Watan goragçylaryny diýseň begendirdi. Ýaş watançynyň: «Ynsany bagtyýar geçen günler, ýatdan çykmajak pursatlar ýaşadýar. Gowy pursatlar ýürekdäki duýgulary terleýär. Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Şa serpaýyna mynasyp bolmagym, Watana bolan söýginiň mukaddesligini, beýikligini watançy kalbyma guýdy» diýen sözleri watansöýüjilik kelamy bolup ýaňlandy.
Dürli ugurlarda tapawutlanyp, döwlet sylaglaryna, Şa serpaýlaryna mynasyp bolan ýaşlar özlerine döredilýän ajaýyp mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Bular barada multimedia bölüminden degişli suratlary synlap bilersiňiz!