Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Aşgabat»
teleýaýlymynyň «Zehiniň syry» atly gepleşigi tarapyndan ýazga geçirilen duşuşykda
Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçy, «Merdana nesiller»
aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Ýagşymyrat Annadurdyýew bilen aýratynlykda aýdym-saz
sungatynyň dabaralanyşy dogrusynda söhbet edildi. «Merdana nesiller» aýdym-saz
toparynyň orkestriniň sazandarlyk etmeginde zehinli esgeriň şirinden şirin
aýdymlary diňlenildi.
Gepleşigiň alyp baryjysy Ýakup Kasymow harby
gulluk bilen sungatyň sazlaşygy dogrusynda gyzykly soraglary berdi. Esger
aýdymçy Ý.Annadurdyýew hem özüniň aýdym aýdyş ýoly, esasanda halk aýdymlaryny
ýerine ýetirmek bilen Watan goragçylarynyň ruhuny galkyndyrmakda goşýan goşandy
barada gürrüň berdi.
– Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy netijesinde
harby gulluk bilen bir hatarda öz aýdymlarymyzy halkymyza ýetirmek babatda hem
giň mümkinçilikler döredilýär. Biz harby gullukçylara şeýle ajaýyp
mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy
dik, tutýan tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin! – diýip zehinli aýdymçy
esger Ý.Annadurdyýew sözüni jemledi.
Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy Gahryman
Arkadagymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym bilen tamamlandy.
«Milli goşun».