01.12.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
AT ÝIGIDIŇ MYRADYDYR
AT ÝIGIDIŇ MYRADYDYR
27.09.2022 236 Harby özgertmeler

Harby gullukçylaryň yzyndan dabaraly harby ýörişden harby we hukuk goraýjy edaralaryň atly toparlarynyň nyzamly hatary dabara bezeg berip geçip gitdi. Gün nuruna şöhle saçýan şaý-sepler bilen bezelen ahalteke bedewlerine atlanan gerçekler milli ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir. Olaryň milli lybaslary, sagdaklaryndaky okdur ýaýlary, galkanlary asyrlaryň dowamynda Watanymyzy gözleriniň göreji deý goran ata-babalarymyzyň esasy daýanjy bolupdyrlar. Häzirki döwürde bolsa olar merdana harby gullukçylaryň eginlerini bezeýärler. Ahalteke bedewleri bolsa türkmeniň ýeke-täk syrdaşy, dosty we ýoldaşydyr. Ýüzýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, häzir hem türkmen öz ýakyn dostuny ýanyndan aýyrmaýar. Watan goragynda ahalteke bedewlerine aýratyn orun berilýär. Olar ýörite atçylyk toplumlarynda idedilip, harby gullukçylara mukaddes gulluk borçlarynda ýakyndan ýardam berýärler. Ynha, bu günki Garaşsyzlyk toýunda hem behişdi bedewlerimiz harby gullukçylar bilen deň derejede dabaraly harby ýörişden geçýärler.

 Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun»