Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaraly
harby ýöriş Harby-howa güýçleriniň söweşjeň uçarlarynyň we dikuçarlarynyň
paýtagtymyzyň asmanyna görk berip uçup geçmekleri bilen dowam etdi. Asuda
asmanymyzyň goragçy bürgütleri bolan dikuçarlardyr uçarlar tehnikanyň iň soňky
gazanan enjamlary we ýaraglary bilen üpjün edilendir. Olar garşydaşyň howa
güýçlerini ýok etmäge, howadan gelýän hüjümlerini serpikdirmäge we guryýer
goşunlaryny goldamaga we ýükleri hem-de harby gullukçylary daşamaga
niýetlenendir. Ussat harby uçarmanlaryň erk etmeginde olar ýurdumyzyň howa
çäkleriniň ygtybarly galkanyna öwrülýärler. Harby-howa güýçleriniň söweşjeň
uçarlary asmanda ýeňillik bilen çylşyrymly tilsimleri, öwrümleri we hereketleri
etmäge, uçuş wagtynda ot açmaga ukyplydyrlar. Söweşjeň uçarlaryň dabaraly
ýörişiniň ahyrky hatary paýtagtymyzyň asmanyny Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň
reňkleri bilen bezäp geçdiler. Bu ajaýyp görnüş dabara gatnaşyjylaryň ählisinde
ýakymly ýatlama galdyrdy.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!
«Milli goşun»