26.07.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Aşgabatlylar üçin täze awtobuslar we ugurlar
Aşgabatlylar üçin täze awtobuslar we ugurlar
09.06.2021 159 Habarlar

Gündelik durmuşda jemgyýetçilik ulagyndan yzygiderli peýdalanýan aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary soňky wagtda ulag gatnawynyň gyzgalaňly sagatlarynda hem awtobusa garaşyp, topar tutup duran ýolagçylaryň ýokdugyny bellemän bilmezler. Paýtagtymyzyň awtobuslarynyň gatnaw ugurlary rahat şertler döredilen duralgalar bilen üpjün edilen. Şeýle-de bolsa, «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň işgärleri awtobusa garaşmak babatynda-da, olaryň ugurlar boýunça hereketleri babatynda-da ýolagçylar üçin iň gowy şertleri döretmek ugrunda dyngysyz iş alyp barýarlar.

Hut şu meseleler «Hyundai ALL New super Aero City» kysymly döwrebap we rahat awtobuslary işe girizmegiň öňýanynda «Türkmenawtoulaglary» Agentliginiň Aşgabat şäher awtoulag kärhanasynyň hünärmenleriniň öňünde ör-boýuna galyp durdy.

Şol güne şäherliler-de, awtobus sürüjileri-de sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Birinjiden, awtoulagyň goşmaça mukdary gatnaw ýygylygyny artdyrýar we bu ýolagçynyň barjak ýerine tiz ýetmegini üpjün edýär. Ikinjiden, awtoulag kärhanalarynyň hünärmenleri täze kiçi etrapçalarda ýaşaýan ýolagçylaryň garaşan goşmaça ugurlaryny işläp düzüpdirler. Bu ugurlar gür ilatly «Parahat» kiçi etrapçasyndan «Altyn Asyr» Gündogar bazaryna we Gurtly şäherçesine tarap ýönelýärler.