milli goshun logo
Aşgabatda ýüpek gurçugynyň pilesi gaýtadan işlenilip başlandy
Aşgabatda ýüpek gurçugynyň pilesi gaýtadan işlenilip başlandy
18.06.2021 684 Habarlar

Aşgabadyň ýüpek egriji fabriginde 2100 tonnadan gowrak ýokary hilli şu ýylky pile gaýtadan işlenilip başlady.

Kärhananyň işgärleri her gün getirilen çig maly saýlap, ony pile işlenýän sehe ibermek, alnan ýüpleri saramak we arassa ýüpek galyndylaryny gaýtadan işlemek ýaly işleri ýerine ýetir ýärler. Işiň esasy bölegi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän awtomatlaşdyrylan enjamlarda amala aşyrylýar.

Pile saraýjy enjamdan alnan ýüpek kiçi leklekilere saralýar. Olara belli bir bölegi saralandan soň ýüpek kiçi leklekilerden ini 1,5 metrlik uly çarha oralýar. Ýüpek çalt saralar ýaly kiçi leklekilerden uly çarha geçirmezden ozal ony wakum-enjamda suwa ezýärler.

Seýlelikde, pile saraýyş sehinde günde 1,5 tonna ýüpek çig maly işlenilýär, özi-de ir piläniň ýüpek süýümi 600-800 metre ýetýär.