13-nji
maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň
«Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy
geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen
Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
2020-nji
ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri
tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň
taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Onuň ýakynda «Merkezi Aziýa –
Russiýa» görnüşinde Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumyň yzysüre guralmagy
häzirki köptaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýär.
Bu
forumlar sebit gatnaşyklaryny hem-de birek-birege ynamy, dostlukly gatnaşyklary
we raýdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, gender
deňligini ilerletmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini
giňeltmek babatda hökümetlere kömek bermek üçin uly mümkinçilik açýar.
Zenanlaryň dialogy resmi däl maslahatlaşmagyň görnüşi hökmünde eýýäm öz
netijeliligini görkezdi.