milli goshun logo
Aşgabatda halkara sergi we maslahat geçirildi
Aşgabatda halkara sergi we maslahat geçirildi
07.08.2022 472 Habarlar

6-7-nji awgustda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça geçirilýän bu ýöriteleşdirilen forum 6-njy awgustda ilkinji gezek bellenilen Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe bagyşlandy. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň döredijilikli, ykdysady taýdan ösüş ýoly bilen öňe barýan döwletimiziň bu ugurlarda gazanýan üstünliklerini giňişleýin beýan etdi.