milli goshun logo
«Aşgabat – 2018» – IWF-niň täze neşiriniň mazmunynda
«Aşgabat – 2018» – IWF-niň täze neşiriniň mazmunynda
02.02.2019 935 Habarlar

Halkara agyr atletika federasiýasynyň döwürleýin žurnalynyň täze sany 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna bagyşlandy. Paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatyna gelen žurnalistleriň çempionat barada taýýarlan habarlary, makalalary žurnalyň täze sanyna ýerleşdirilipdir hem-de žurnalyň täze sany  olaryň fotosuratlary bilen bezelipdir.

Žurnalyň birinji makalasynda çempionatyň guramaçylygyna ýokary baha berilýär. Makaladan «2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dünýä Agyr atletikasynyň taryhynda täze sahypa açyldy» diýen sözleri okamak bolsa, has-da ýakymly. Onda, nygtalyşy ýaly, Aşgabat özüne bildirilen ynamy ödedi we IWF-niň bu ajaýyp şäherde geljekde hem iri ýaryşlary geçirmäge bolan islegini artdyrdy.

Çempionata gelen myhmanlar aýratynam Aşgabat şäheriniň gözelligine, ajaýyp yşyklandyrylyşyna we türkmen myhmansöýerligine haýran galandyklaryny aýdýarlar. Çempionatyň ýokary gurmaçylyk derejesinde geçirilmegi hem-de döredilen mümkinçilikler üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz sagbolsun aýdýarlar hem-de bu çempionaty taryhda geçirilen iň gowy çempionat bolmagy bilen gutlaýarlar.

Köp sanly habarlar we makalalar žurnalyň okyjylaryna bu çempionat barada giňişleýin maglumat almaga, onuň ýakymly günlerini, rekordlara baý ýaryşlaryny ýene bir gezek ýatlamaga mümkinçilik berýär.