Düýn – 13-nji
martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş
saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement
öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi
mynasybetli dabara gatnaşdy.
Dabara
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet
agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap
welaýatynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de
jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar.
Täze zawodyň
gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan
«Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onda dünýäniň
öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Kärhana 38 sany binadan we
desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda
sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million
tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä
golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri
döredilendir.
Lebap sement
zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat
toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli
özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini
has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer.