milli goshun logo
Akylly dronlaryň täze nesli
Akylly dronlaryň täze nesli
25.10.2023 783 Tehnologiýa

Häzirki wagtda Ýer ýüzünde sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha artýar hem-de onuň ýaýrawy giňeýär. Bu elbetde harby ulgamy-da öz içine alýar. Duşman enjamlaryny we söweşjeň şahsy düzümi «akylly» nerw ulgamy bilen tanamaga ukyply bolan «Akwa- 22» söweş drony hem häzirkizaman sanlylaşmanyň netijesinde döredilen iň kämil enjamlaryň hataryndadyr. Bu tehnikany işläp düzüjileriň pikiriçe ol birnäçe goragly «akylly» dronlara çenli gözden sypdyrmaz. Enjamyň uçuş wagty 60 minut bolup, onuň iň ýokary uçuş aralygy 30 kilometre ýetýär. «Akwa-22» dört kilograma çenli ýük götermäge hem ukyplydyr.