25-njy
maýda türkmen paýtagtynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara sergi
öz işine başlady. Bu gözden geçiriliş ýurdumyzyň baş şäherini şähergurluşyk
ulgamynda mundan beýläk-de ösdürmekde gazanylanlary hem-de geljekki
mümkinçilikleri açyp görkezmäge, bu ugurda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berer.
Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäheriniň gününe
gabatlanyp geçirilýän bu gözden geçiriliş paýtagtymyzyň gözel keşbinde öz
beýanyny tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala
aşyrylýan özgertmeleriň giň gerimini aýdyň açyp görkezýär. Häzirki wagtda
Aşgabat dünýäniň iň owadan hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine
öwrüldi. Sergide görkezilýän taslamalaryň köpüsi şu ýyllaryň dowamynda
paýtagtymyza bezeg berýän ajaýyp binalaryň hem-de binagärlik toplumlarynyň
mysalynda durmuşa geçirildi. Olar ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň anyk
subutnamalary hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.