«Nikola Motor»
kompaniýasy özüniň «Reckless» atly täze elektrikli harby ulagynyň sürüjisiz
görnüşini äşgär etdi. Ähli meýdan şertleri üçin niýetlenen ulag uzak aralykdan
«3D görüş sistemasy» arkaly dolandyrylýar. Ol dolulygyna elektrik energiýasy
bilen hereket edip, 100 km/sagada bary-ýogy 3 sekuntda çykýar. Ulag dronlar we
uzakdan dolandyrylýan ýarag stansiýalary bilen utgaşykly hereket edip bilýär.
«Reckless» ulagynyň sürüjisiz
görnüşini «Nikola Powersports», «Planck Aerosystems» we «AimLock Inc.»
kompaniýalary bileleşip durmuşa geçirdiler.
Ulaga «AimLock R-M1» atly uzakdan dolandyrylýan ýarag toplumy ýerleşdirilendir. Ol awtomatiki ýagdaýda nyşana almaga, işjeň deňagramlylygy saklamaga we dowamly nyşanany yzarlamaga ukyplydyr.