milli goshun logo
Ahalteke bedewleri – Ýeňiş ýörişiniň bezegi
Ahalteke bedewleri – Ýeňiş ýörişiniň bezegi
09.05.2020 1606 Harby özgertmeler

9-njy maýda Aşgabatda geçirilen harby ýörişde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň hem-de ýurdumyzyň Içeri işleri ministrliginiň atçylyk toparlarynyň behişdi ahalteke bedewlerine atlanan harby gullukçylarynyň şol ýowuz uruş ýyllaryny ýatladýan türkmen milli eşiklerinde geçmegi dabaranyň bezegine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, Beýik Watançylyk urşunyň başlan döwründe Gyzyl goşun tarapyndan 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredilýär. Diwiziýanyň türkmen ýigitleri urşuň iň bir aldym-berdimli ýerlerinde söweşip, türkmen ýigitlerine mahsus bolan gahrymançylyk nusgalaryny görkezýärler.

97-nji aýratyn türkmen atly diwiziýasynyň söweş ýoly edermenlige we gahrymanlyga beslenendir. Bu diwiziýanyň merdana esgerleri Stalingraddan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Olaryň müňlerçesi söweşjeň ordenlere we medallara, 18 sanysy bolsa «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp boldy.

Şu günki harby ýöriş, wepaly ahalteke atlary bilen bilelikde, Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşan batyr söweşijilerimize goýulýan hormatdan nyşandyr.

«Milli goşun».