22-nji aprelde Mary welaýat merkezinde ýakynlaşyp gelýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.
Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.
Çärelere taýýarlyk görmegiň çäklerinde bu ýerde ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça uly işler geçirildi — bag nahallarynyň dürli görnüşleri, güller ekildi.
Welaýatyň sungat ussatlary — meşhur estrada artistleri, bagşylar, tans we halk döredijilik toparlary aýdym-sazly, tansly çykyşlary görkezdiler. Atçylyk sport toplumynyň çäklerine girilýän merkezi girelgeden başlap, onuň iki tarapynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.