29-njy
aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby
we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga
berildi.
Täze,
döwrebap atçylyk toplumynyň açylmagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek, harby
gullukçylaryň gullugy, ýaşaýşy üçin mynasyp şertleri döretmek boýunça amala
aşyrylýan yzygiderli çäreleriň üstünliklere beslenýändiginiň ýene-de bir
subutnamasydyr.
Toplumy gurmak üçin bölünip berlen ýer böleginiň umumy
meýdany 40 gektara deňdir. Onuň çäklerinde birnäçe desga, şol sanda edara we
VIP binalary, açyk manež, höwür we çapuw atlara, taýlara ideg etmek üçin
niýetlenen 500 at üçin athanalar, tehniki desgalar, çapuw ýodasy, 100 orunlyk
tomaşaçylar münberi, awtoduralga we beýlekiler ýerleşdirilendir.
Bedewleriň saglyk
ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin niýetlenen, ähli zerur enjamlar we döwrebap
tehnologiýalar bilen üpjün edilen weterinar bejeriş binasy hereket edýär. Onda
dürli bejeriş bölümleri göz öňünde tutulandyr. Şeýle hem atçylyk toplumynyň
düzüminde karantin binasy we atlary suwa düşürmek üçin howuz ýerleşdirilipdir. Ýörite
türgenleşik meýdançalary bedewleri çapyşyklara, päsgelçiliklerden geçmek we
beýleki ýaryşlara taýýarlamak, taýlara tälim bermek, ata erk etmek tälimlerini
kämilleşdirmek üçin niýetlenendir. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli
görnüşleriniň ösdürilmegi we türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara işjeň
gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýär.
Toplumyň
atçylyk toparynyň binasynda esgerleriň amatly dynç almaklary üçin ähli zerur
şertler döredilipdir. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
şahsy düzümleriniň ýokary derejeli gullugy üçin bolşy ýaly, olaryň göwnejaý
dynç almagy bilen baglanyşykly meselelere hem örän jogapkärçilikli
çemeleşilýändigini görkezýär. Bu ýerde ýaş harby gullukçylaryň degişli ugur
boýunça bilim almaklary, ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän möhüm wakalar bilen
tanyşmaklary hem-de olaryň syýasy taýdan düşünjeleriniň artdyrylmagy üçin zerur
mümkinçilikler üpjün edilipdir.
Umuman,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň düzüminde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, gulluk
üçin atlary taýýarlamak, sportuň atly görnüşlerini ösdürmek meselelerine
aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu ugurda durmuşa geçirilýän
işler täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň şöhratly atşynaslyk ýörelgeleriniň
mynasyp dowam etdirilmegine ýardam berýär.