Türkmenistanyň
Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza
resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli
Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali bilen geçiren
duşuşygynyň dowamynda, esasan, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşler
duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan
döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, soňky
wagtda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary çalt iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň
zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli parlamentara
gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygy aýratyn
nygtaldy. Şol gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge we
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň
kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.