1-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer
E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
garamagyna şu ýyl ýurdumyzda gant şugundyryny öndürmek bilen bagly Kararyň
taslamasy hödürlenildi. Tutuş ýurdumyz boýunça jemi 17 müň 900 gektar meýdana
güýzlük gant şugundyryny ekip, şondan 224 müň tonna hasyl almak göz öňünde
tutulýar. Balkan welaýatynda 3 müň gektardan 24 müň tonna, Mary welaýatynda 14
müň 900 gektardan 200 müň tonna hasyl öndürmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz ýazky oba hojalyk işlerini,
ilkinji nobatda bolsa, bugdaýa ideg edilmeginde, gowaça ekişiniň ýokary hilli
we öz wagtynda geçirilmeginde, agrotehnikanyň kadalarynyň pugta berjaý
edilmegine hem-de galla oragyna ykjam taýýarlyk görülmegini üpjün etmekde
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
«Türkmenistanda 2020-nji ýylda gant şugundyryny öndürmek hakyndaky» Karara gol
çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we
resminamany ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.