1-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa gözegçilik
edýän ulgamynda 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli ünsi we goldawy netijesinde,
ýurdumyzyň medeniýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösüşe eýe bolandygyny
belledi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamynyň edaralarynyň işleri baradaky
hasabatynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan giň gerimli halkara
çäreleriň köp sanlysyny mysal getirdi.
«Beýik Ýüpek
ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde
2018–2021-nji ýyllarda gazuw-barlag işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy
esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, şeýle
hem halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzyň alymlary we hünärmenleri ähli
welaýatlardaky taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologiýa gazuw-barlag işlerini
geçirdiler.
Hasabatyň
çäklerinde, teatrlaryň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we medeniýet ulgamynyň beýleki
edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň geçen ýylda alyp
baran işleri, olaryň işine häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça
geçirilýän işler barada-da habar berildi.
Syýahatçylyk
baradaky döwlet komiteti boýunça meýilnama 100,2 göterim ýerine ýetirildi.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça 2018-nji ýylyň meýilnamasy 132,1
göterim ýerine ýetirildi.
Aşgabatda
«Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň ХII halkara
kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany
teleradiogepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisi, onuň
çäklerinde birnäçe beýleki çäreler geçirildi.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, teleradioýaýlymlar
boýunça berilýän habarlaryň we gepleşikleriň hiliniň ýokarlandyrylmagyna
aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany»
diýlip yglan edilen şu ýylda ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleri has
içgin we giňden beýan etmek, gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen ajaýyp
sepgitleri wagyz etmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.