milli goshun logo
Ýaş esgerleriň harby gullugyň gün tertibine öwrenişmek ýagdaýy
Ýaş esgerleriň harby gullugyň gün tertibine öwrenişmek ýagdaýy
20.07.2019 2895 Harby özgertmeler

Irden sagat 06:00-da oýanmak, ýokarlandyrylan fiziki maşklar, ýorgan-düşekleri tertiplemek, özüňe şahsy serenjam bermek, ertirlikdäki ýokumly nahar... Milli goşunymyzyň harby gullukçylarynyň müňlerçesiniň güni şeýle başlanýar. Biziň habarçymyz Watan goragçylarynyň täze tapgyryndan harby gulluga uýgunlaşyşlary dogrusynda söhbetdeş boldy.

Hatarçy Muhammet Aşyrow:

– Gullugyň ilkinji hepdelerinde beden we nyzam taýýarlyklaryndan soň birazajyk ýadawlyk duýýardym. Sebäbi raýat wagtym okuwa we kitaplara has kän wagtymy sarp edýärdim. Gullukda men fiziki we psihiki zähmetiň utgaşykly alnyp barylmalydygyna düşündim. Çünki harby bölüme gelen günüme bir aý wagt geçensoň, bedenimiň taplanýandygyny duýup başladym. Hakykatdan-da meň üçin dem almak, ylgamak we türgenleşmek has aňsatlaşdy. Harby gullugy tamamlanymdan soň hem beden maşklary meniň şahsy durmuşymyň bir bölegi bolup galar.

«Milli goşun».