Garaşsyzlyk toýy. Türkmeniň gadymdan gelýän urp-adatlaryna daýanýan türkmen toýy hiçbir adamy serpaýsyz goýmaýar. Edil şonuň ýaly-da, Garaşsyzlyk toýunda hem ýurdumyzyň dürli pudaklarynda halal zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşan her bir ynsan bu toýdan öz mynasyp paýyny aldy.
Ynha, şu gün hem toýly günde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýörite Permanyna laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, harby gullukçylaryň birnäçesine Döwlet sylaglarynyň hem-de nobatdaky harby atlarynyň gowşurylyş dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Ýurdumyzda geçirilýän her bir baýramçylykda, her bir toýda Watanymyzyň gazananlaryna öz goşantlaryny goşan her bir adamyň serpaýlanmagy, olaryň hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň synçy nazaryndan düşmeýänligi bilen beýan edip bolar. Goý, toýlar toýa, baýramlar baýramlara ulaşsyn! Ýurt goragçylarynyň Döwlet sylaglary hem-de nobatdaky harby atlary mübärek bolsun!
«Milli goşun»