Şu gün paýtagtymyzdaky
“Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy
mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendiren
bu çäre ynsanperwer ýörelgeleriň dünýädäki ähmiýetiniň barha
artýandygyny aýdyň görkezdi.
Halkara maslahata
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň (TGÝMJ), Halkara
Gyzyl Haç Komitetiniň we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň
halkara federasiýasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary, dürli ýurtlaryň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň
wekilleri sanly ulgam arkaly gatnaşdylar. Forumda häzirki döwürde
möhüm häsiýete eýe bolýan ynsanperwer ýörelgeleriň many-mazmuny
barada gürrüň edildi.
Çärede dünýä
ýurtlarynyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleri, Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň
we Gyzyl Haç hem-de Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň halkara federasiýasy
bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu guramalar bilen alnyp barylýan bilelikdäki işler Türkmenistanyň
Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleriniň we meýletinçileriniň
bilim derejesini ýokarlandyrmaga, özara tejribe alyşmaga şert döredýär.
Foruma gatnaşyjylar
häzirki döwrüň wajyp meselelerini öz içine alan çäräniň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman
Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar
meýilleşdirilen çäreleriň häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede
amala aşyrylmagy ugrunda bilelikdäki tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar.