26.07.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary
Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň Türkmenistana sapary
18.06.2021 121 Habarlar

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Piter Burian bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy oňyn häsiýetlendirdiler. «ÝB – Türkmenistan» bilelikdäki Komitetiň çäklerinde yzygider gepleşikler arkaly berkidilýän işjeň syýasy-diplomatik gatnaşyklar bellenildi. «Ýewropa Bileleşigi - Merkezi Aziýa» formatda yzygiderli geçirilýän ýokary derejeli syýasy geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy.