Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary
işler ministri Reşit Meredow 30-njy aprelde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary
işler ministri Mohammad Jawad Zarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Sönbetdeşligiň barşynda
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de koronawirus
pandemiýasyna garşy durmak boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşdylar.
Bellenilişi ýaly, ýakyn wagtda
ýurtlaryň ikisi-de ulaglar we ýükler türkmen-eýran serhedinden geçende
epidemiologiýa nukdaý-nazaryndan howpsuzlyk maksady bilen ýokary derejede
sanitar, fitosanitar we weterinar gözegçiligi üpjün etmek boýunça ähli zerur
çäreleri görerler.
Şol günüň özünde wise-premýer,
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Reşit Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň
orunbasary Dewid Heýl bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy
temalary ara alnyp maslahatlaşylanda taraplar iki ýurduň daşary syýasat
edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklara gyzyklanma bildirdiler.