milli goshun logo
Watana gulluk etmek – mukaddes borç
Watana gulluk etmek – mukaddes borç
19.06.2019 5084 Harby özgertmeler

Borçnama boýunça harby gulluk ýaşlary dürli sebäpler boýunça özüne çekýär. Ilkinji nobatda bu Watan öňündäki mukaddes borjuňy ýerine ýetirýäniň we ýurduň goranyş kuwwatyny artdyrýanyň üçin buýsanç duýgularyny döredýär. Şol sanda, olara döwlet tarapyndan goşmaça hukuklar we ýeňillikler döredilýär.

– Ýaragly Güýçlerimiziň hataryna esger hökmünde kabul edilenim bäri, men özümi başgaça duýup başladym. Durmuşymda takyk bir maksat döredi, serkerdelerimiz bolsa oňa nähili ýetmelidigi barada düşündiriş berdiler. Men gullukda köp zatlary öwrendim, geljekde hem öwrenen zatlarymy has-da kämilleşdirip, ony indiki geljek ýaş harby gullukçylar bilen paýlaşasym gelýär – diýip borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Kerim Hallyýew gürrüň berdi.

«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harby gullugy borçnama boýunça geçýän harby gullukçylar azyk we goş-golam harytlary, ýaşaýyş jaýlary bilen doly üpjün edilýär. Köp ýeňillikler Watan goragçylaryň maşgala agzalaryna hem degişli bolup durýar. Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň aýlyk hak-heşdeginiň ýokarlanmagyna dürli sebäpler täsir edip bilýär, şol sanda hünär boýunça jogapkärçiligi, gulluk eden ýyllary we harby ady we başgalar.

Hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýokary raýat bilimini alan harby gullukçylar borçnama boýunça geçýän gulluklaryny leýtenant, orta bilim alan esgerler starşina derejesinden başlap bilýärler. Orta bilim alan esgerler üçin Watan goragçylaryny taýýarlaýan ýurdumyzyň harby ýokary okuw jaýlarynyň gapylary hemişe açykdyr.

«Milli goşun».