milli goshun logo
Türkmenistanyň wekiliýeti «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşdy
12 sagat öň 7 Habarlar

Şu ýylyň 19-20-nji noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça hyýar-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Modanyň Arkalaşygy» atly IV halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary ýurdumyzyň GDA-da ynsanperwer hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

Oguljahan Atabaýewanyň Sankt-Peterburg şäherine amala aşyran sapary haýyr-sahawat gaznasynyň halkara işiniň özboluşly dowamy boldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy «Modanyň Arkalaşygy» halkara forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde birnäçe wajyp duşuşyklary geçirdi. Olaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Oguljahan Atabaýewanyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen geçiren duşuşygy gaznanyň alyp barýan işiniň möhüm ähmiýetini açyp görkezdi.

Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynyň — 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda haýyr-sahawat gaznasynyň wekiliýetiniň Sankt-Peterburg şäherine sapary Arkalaşykda ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde oňyn başlangyç boldy.

Saparyň çäklerinde Oguljahan Atabaýewa «Ermitaž» döwlet muzeýler toplumyna baryp gördi.

«Ermitaž» dünýäniň iň belli muzeýleriniň biri bolmak bilen, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde ýerleşýär. Bu ýerde dürli döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem taryhyna we medeniýetine degişli gymmatlyklar bar. Şolaryň hatarynda gadymy Nusaýdan, Merwden tapylan arheologik tapyndylar, gadymy senetçileriň keramika, metal, dokma önümleri, halylar, milli lybaslaryň nusgalary bar.

...«Ermitaž» muzeýi bilen tanyşlygyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa medeniýetiň we sungatyň halklary birleşdirýän gymmatlykdygyny, olarda adamzadyň ruhy dünýäsiniň öz beýanyny tapýandygyny belläp, guralan gezelenç üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Soňra gaznanyň wise-prezidenti bu ýerde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary bilen ýadygärlik surata düşdi.

Russiýa Federasiýasyna saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa W.P.Filatow adyndaky Biomedisina tehnologiýalaryny ösdürmek boýunça halkara gaznanyň prezidenti Ýekaterina Dibrowa bilen duşuşdy.

Soňra ol Tawriçeskiý köşgüne geldi. «Tawriçeskiý köşgi» döwlet toplumy Newa derýasynyň kenarynda ýerleşip, federal ähmiýetli medeni mirasyň obýekti bolup durýar. Häzirki wagtda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär. Bu ýerde maslahatlar, sammitler, medeni çäreler geçirilýär.

Köşgüň duşuşyklar otagynda Oguljahan Atabaýewany Ýekaterina Dibrowa mähirli garşylady. Duşuşygyň öňüsyrasynda ýadygärlik surata düşüldi.

Halkara gaznanyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti bilen duşuşmaga örän şatdygyny aýtdy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyny göterýän gaznanyň alyp barýan ynsanperwer işine ýokary baha berdi.

Oguljahan Atabaýewa hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga halkara gaznanyň alyp barýan işi bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Oguljahan Atabaýewa haýyr-sahawat we ynsanperwer gurama hökmünde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermegiň öz wekilçilik edýän düzüminiň esasy maksady bolup durýandygyny nygtap, bu asylly wezipäniň amala aşyrylmagynyň, şol sanda keselleri anyklamak, öňüni almak we bejermek ýaly ugurlarda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek hem-de ornaşdyrmak bilen baglanyşyklydygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda anyklaýyş, bejergi işinde ulanylýan biomedisina nanotehnologiýalary, biomedisina elektronikasy, biomedisina kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlarda tejribe hem-de maglumat alyşmagyň wajypdygy bellenildi.

Ý.Dibrowa iki gaznanyň tagallalaryny birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, haýyr-sahawat gaznasynyň bejergi işinde toplan tejribesiniň öňdebaryjy biomedisina tehnologiýalary bilen utgaşdyrylmagynyň çagalaryň saglygyny dikeltmek işine goşant goşjakdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler ýola goýlan dialogyň çagalaryň saglygyny goramak ýaly umumy asylly maksadyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Oguljahan Atabaýewa Tawriçeskiý köşgünde geçirilýän «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasyna gatnaşdy.

Halkara forumyň «Sagdyn bolmak modadyr» atly sessiýasynda moda pudagynyň hem-de saglygy goraýyş ulgamynyň bilermenleri sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik moda ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Sessiýanyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etmek üçin söz berildi.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu wekilçilikli forumda çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirip, sessiýanyň adynyň häzirki zaman jemgyýetiniň möhüm meseleleriniň biri hökmünde saglyk meselesine ünsi çekýändigini belledi. Oguljahan Atabaýewa halkara tejribäniň milli derejedäki alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmaga goşant goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň beýleki ýurtlardaky hyzmatdaşlar bilen yzygiderli we uzak möhletli gatnaşyklary ýola goýmaga, bu ugurda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Çykyşynyň ahyrynda Oguljahan Atabaýewa gaznanyň hyzmatdaşlyk etmäge, tutuş dünýäde adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine bilelikdäki çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga açykdygyny aýdyp, özara tagallalar bilen bu maksatlary gazanmaga uly goşant goşup boljakdygyna ynam bildirdi.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Jemgyýetçilik palatasynyň Durmuş hyzmatdaşlygy, howandarlyk we inklýuziw tejribeleri ösdürmek boýunça komissiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Diana Gurskaýa bilen duşuşdy.

D.Gurskaýa Oguljahan Atabaýewany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerine uly hormat goýýandygyny, gaznanyň bejergi maksatnamalary we sagaldyş-dikeldiş merkezi ýaly başlangyçlarynyň ruhlandyryjy görelde bolup durýandygyny belledi.

Wekiliýetiň ýolbaşçysy hoşniýetli sözler üçin Diana Gurskaýa minnetdarlyk bildirip, onuň çagalaryň bähbidine alyp barýan yzygiderli işine ýokary baha berdi.

D.Gurskaýa şu ýylyň 29-njy martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata gatnaşmagyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu iri halkara çäräniň ýokary guramaçylykda geçirilendigini aýtdy. Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň çagalaryň saglygyny goramakda we dikeltmekde taryhy işleri bitirýändigini belläp, onuň tejribesiniň dünýä nusgalykdygyny aýtdy hem-de gazna bilen ýakyn hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Oguljahan Atabaýewa teklibi kabul edip, duşuşmaga ýörite Sankt-Peterburga gelendigi üçin D.Gurskaýa minnetdarlyk bildirdi. Ol Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň şanly senesi mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň, şol sanda Diana Gurskaýanyň hem gatnaşandygyny nygtady.

Oguljahan Atabaýewa şu duşuşygyň Bütindünýä çagalar gününde geçirilmeginiň aýratyn mana eýedigini aýdyp, Diana Gurskaýanyň adyny göterýän «Ýüregiň emri bilen» atly haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine ýokary baha berdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan ynsanperwer işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti daýanç-hereket ulgamynda näsazlyklary bolan çagalara hemaýat bermek boýunça «Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy Ýekaterina Rogožina bilen duşuşdy.

«Georgin» gaznasynyň ýolbaşçysy myhmany mähirli mübärekläp, haýyr-sahawat gaznasynyň ene-atasynyň howandarlygyndan galan çagalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek boýunça alyp barýan ynsanperwer işiniň nusgalykdygyny belledi hem-de gazna tarapyndan milli ruhy gymmatlyklaryň öňdebaryjy lukmançylyk çemeleşmeleri bilen utgaşdyrylmagynyň dünýä jemgyýetçiliginiň hormatyna mynasyp bolýandygyny aýtdy.

Oguljahan Atabaýewa «Georgin» gaznasynyň alyp barýan işiniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň maksatlary bilen gabat gelýändigini aýdyp, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk bejergisiniň geçirilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler wekilçilik edýän gaznalarynyň maksatlarynyň birdigini aýdyp, birek-birege alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Saparyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şu ýylyň martynda Arkadag şäherinde gaznanyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara maslahata Russiýanyň wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşandygyny aýdyp, 10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatyň geçiriljekdigini we bu foruma Russiýa Federasiýasynyň ýokary wekilçilikli wekiliýetiniň hem gatnaşmagyna garaşylýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler şu günki gepleşikleriň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňra Oguljahan Atabaýewa hem-de Walentina Matwiýenko «Modanyň Arkalaşygy» atly halkara foruma gatnaşyjy ýurtlaryň sergi ekspozisiýalaryny synladylar. Sergide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlaryndan gelen meşhur dizaýnerler, brendler we önüm öndürijiler, halkara hyzmatdaşlar moda pudagynda gazanylan täzelikler bilen tanyşdyrdylar.

Günüň ikinji ýarymynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Tawriçeskiý köşgünde Russiýa Federasiýasynyň, GDA gatnaşyjy döwletleriň we beýleki ýurtlaryň dizaýnerleriniň moda görkezilişine tomaşa etdi.