Şu gün berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllyk baýramçylygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli paýtagtymyzda,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi açyldy. Oňa ajaýyp
sene mynasybetli dürli dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen köp sanly
daşary ýurtly myhmanlar hem-de halkara guramalaryň wekilleri hem baryp
gördüler. Sergini synlamak maksatly dabaranyň başynda onuň resmi açylyşy
hökmünde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan
sergä gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen
Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz serginiň öz işine başlamagy bilen gutlap,
bu giň möçberli serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw
edip, onuň ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýylynyň dowamynda ähli
pudaklarda gazanan üstünliklerini beýan etmek bilen, garaşsyz ösüşiň ýolunda
ykdysadyýetde, syýasatda, durmuş ulgamynda, medeni-ynsanperwer, ylym we
tehnologik ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň aýdyň subutnamasyna
öwrüljekdigine berk ynam bildirdi.