milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşygy
13 sagat öň 6 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Onuň Alyjenaby Imperator belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyrýan şu gezekki saparynyň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Onuň Alyjenaby Imperator bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Imperatora Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Imperator Naruhito döwlet Baştutanymyzy giň wekilçilikli forumyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän başlangyçlarynyň möhüm ornuny belledi.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga açykdygyny tassyklap, özara gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperatora minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň türkmen we ýapon halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.