Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine
gatnaşmak üçin iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa
menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
...Birnäçe sagatdan soňra,
hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline
gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.