31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Liderleri mähirli salamlaşyp, Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi tüýs ýürekden gutladylar we iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň bolsa bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz Rejep Taýyp Ärdogana döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi we şahsy goşandy, şeýle hem ýurdumyza iberilen lukmançylyk we şahsy goranyş serişdeleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz muňa ýurtlarymyzyň arasyndaky mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany hökmünde garaýarys.