05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
30.06.2020 33 Habarlar

29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistanyň Baştutanynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtady, taraplaryň özara gyzyklanmalary netijesinde, bu gatnaşyklar ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýar. Biziň ýurtlarymyzy öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we häzirki döwürde döwletara aragatnaşyklaryň berk binýadyny döreden taryhy umumylyk birleşdirýär.