15.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystanyň ilkinji Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gazagystanyň ilkinji Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
11.07.2020 148 Habarlar

10-njy iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti - Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň milli Liderini golaýda bellenilip geçilen 80 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat we Gazagystanyň halkynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna gönükdirilen jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol hyzmatdaşlyk bolsa hoşniýetli goňşuçylyk hem-de birek-birege goldaw bermek ýörelgelerine daýanyp, häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.