18-nji
iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna toý
saparyny amala aşyryp, sebiti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň döwlet
maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, galla oragynyň depginleri,
senagat-önümçilik toplumyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gündogar sebitinde
senagat we oba hojalygy pudaklarynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar.
Bu bolsa welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Şunda
oba zähmetkeşleriniň netijeli işini ýola goýmak ugrunda döwlet tarapyndan zerur
tagallalar edilýär.