milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini gutlady
18 sagat öň 22 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň pudagyň işgärlerini gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, beýleki pudaklar bilen birlikde, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleri hem döwletimizde amala aşyrylýan beýik özgertmelere, gazanylýan ägirt uly üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Dünýäniň binagärlik we gurluşyk sungatynda deňi-taýy bolmadyk ak mermerli Aşgabat şäherinde, welaýatlarda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar hem-de Merkezi Aziýada ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurulmagy, onuň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Binagärligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň we dünýäniň şähergurluşyk pudagynyň üstünlikleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy gurulýan ähli desgalaryň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini baýlaşdyrmak, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary özleşdirmek arkaly döwür bilen aýakdaş ösýändigine şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimiziň senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň önümçilik kärhanalarynyň Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alyp barýan gurluşyklaryny hem-de ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýändigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki döwürde kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap senagat we gurluşyk önümçiligine niýetlenen iri kärhanalar gurulýar. 2024-nji ýylda Lebap we Bäherden sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlary işe girizilen bolsa, şu şanly ýylda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümini öndürmäge niýetlenen Bäherden keramiki önümler kärhanasy, paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde gurlan çüýşe önümlerini öndürýän önümhana dabaraly açylyp ulanmaga berildi. Bu önümçilik kärhanalary ýurdumyzyň senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmen energiýa serişdeleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberini we ugurlaryny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda pugtalandyrylýar. Önümçilige döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Konsern tarapyndan ýurdumyzyň sarp edijilerini oba hojalyk dökünleri, gazhimiýa önümleri bilen üpjün etmek babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şu ýylda pudakda Balkan welaýatynyň Gyýanly obasynda karbamid önümçilik zawodynyň taslamasyny düzmek we doly gurup tabşyrmak, Gyýanlydaky polimer zawodyny düýpli abatlamak boýunça resminamalara gol çekildi. Ýakynda bolsa Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň düzüminde mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbi tutuldy. Bularyň ählisi geljekde ýurdumyzyň himiýa senagatynyň has-da ösmegini hem-de milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de pugtalanmagyny şertlendirýär.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi ýurdumyzyň çäklerinde ýerli we döwlet ähmiýetli awtomobil ýollarynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda, öňdebaryjy ýolgurluşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly gurulmagyny üpjün edýär. Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy muňa aýdyň mysaldyr.