Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary
bilen işewürlik duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan «Sumitomo
Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.»,
«Muroosystems Corporation», «ITOCHU Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia
Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Mitsubishi Corporation»,
«ARGONAVT Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, “Çalyk Holding”, “Gap
Inşaat” kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň
başlygy, «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji wise-prezidenti
duşuşygy açyp, duşuşmaga wagt tapandygy üçin hormatly Prezidentimize tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan etdi we bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky
söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge möhüm itergi
boljakdygyna ynam bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz
berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly
hyzmatdaşlaryny — öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny we
wekillerini tüýs ýürekden mübärekläp, bu kompaniýalar bilen Türkmenistany
köpýyllyk netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny
belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, bu duşuşygy geçirmek
baradaky başlangyjy, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny
we geljekde ony ösdürmegiň ýollaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga
döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan üçin Ýaponiýa ýokary
tehnologiýaly ösüşiň, ykdysadyýete innowasion esasda çemeleşmegiň, senagat
ösüşi bilen ekologik jogapkärçiligiň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň nusgasy bolup
durýar. Ýapon kompaniýalarynyň ylym, senagat, önümçilik işlerini dolandyrmak,
korporatiw menejment ulgamynda ýeten sepgitleri biziň üçin milli
ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmakda hem-de onuň bäsdeşlige ukyplylygyny
ýokarlandyrmakda möhüm nusga bolup hyzmat edýär. Türkmenistan ykdysadyýetiniň
toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyna düşünmek bilen, öz
tagallalaryny birnäçe ileri tutulýan wezipelere gönükdirdi. Şolaryň hatarynda
ösüşiň innowasion strategiýalaryny ornaşdyrmak, senagatlaşdyrmagy
çaltlaşdyrmak, «ýaşyl» geçiş, energetika pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak,
milli we halkara ulag-logistika arabaglanyşygy ösdürmek ýaly wezipeler bar
diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi hem-de bu ugurlaryň her biri
boýunça ýapon kompaniýalarynyň işjeň gatnaşmagy üçin hakyky we özara bähbitli
mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda iri ýapon
kompaniýalarynyň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işlerine
ýokary baha berdi. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda
Türkmenistanda häzirki zaman iri senagat desgalary ulanmaga berildi. Şolaryň
hatarynda Marydaky we Garabogazdaky ammiak hem-de karbamid önümçiligi boýunça
gazhimiýa toplumlaryny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy
gazdan benzin öndürýän zawody, Çärjew etrabyndaky gazturbinaly elektrik
stansiýasyny görkezmek bolar. Bu taslamalar diňe bir ykdysady däl, eýsem,
strategik ähmiýete hem eýe bolup, ýurdumyzyň senagat kuwwatyny tehnologik
taýdan döwrebaplaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär.
Bilelikdäki işlerimiziň netijeleri häzirki wagtda geljege has ynamly garamaga
mümkinçilik berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Türkmenistanyň
ýapon işewürler jemgyýetçiligine uzak möhletleýin maýa goýumlar, özara bähbitli
hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri teklip etmäge taýýardygyny tassyklady.
Döwlet Baştutanymyz energetika, şol sanda energiýanyň
gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, ulag we logistika ulgamlaryny, ýokary
tehnologiýaly we ekologiýa ugurly önümçilikleri, suw serişdelerini dolandyrmak,
infrastruktura desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň
hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ulgamlary ileri tutulýan ugurlaryň
hatarynda görkezip, ýurdumyzyň türkmen bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we
önümlerini, ilkinji nobatda, maşyngurluşyk, elektronika, himiýa senagaty önümlerini
işjeň ilerletmäge taýýardygyny nygtady. Şol bir wagtda Türkmenistan suw
serişdelerini tygşytlamak, suwy arassalamak, önümçilik galyndylaryny
dolandyrmak, «ýaşyl» we wodorod energetikasy ulgamlarynda öňdebaryjy ýapon
tehnologiýalaryny hem-de tejribesini çekmäge gyzyklanma bildirýär.
Mälim bolşy ýaly, aprel aýynda geçiren duşuşygymyzyň
dowamynda biz sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň möhümdigi baradaky meseläni ara
alyp maslahatlaşypdyk. Häzirki wagtda Türkmenistanda bu ugra aýratyn üns
berilýär. Biz senagat infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, galyndylaryň
gaýtadan işlenilmegini ösdürmek hem-de serişdeleri rejeli peýdalanmak
kadalaryny ornaşdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Biziň «Mitsubishi», «Toyota», «Mitsui»,
«Sumitomo» ýaly ýapon kompaniýalarynyň bu ulgamda öňdebaryjy çözgütleri we tehnologiýalary
bilen oňat tanyşlygymyz bar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de ýapon
kompaniýalaryna birnäçe anyk başlangyçlara garamagy teklip etdi.
Hususan-da, hormatly Prezidentimiz ýapon kompaniýalaryna
galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň
hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin
boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan
işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip
etdi. Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan
peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň daşky gurşawda plastik
galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga
ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň
taslamasyny öwrenmäge taýýardygyny tassyklady. Şular bilen birlikde, metal,
plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap
dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny
gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek
mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.
Hyzmatdaşlyk ýyllarynda toplanan tejribe biziň
gatnaşyklarymyzyň ynanyşmak we ygtybarlylyk derejesiniň örän ýokarydygyny
görkezdi. Muňa döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýeti, birek-biregiň
bähbitlerine özara düşünmek we hormat goýmak ýörelgeleri ýardam berdi diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmäge we giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny, geljekde-de ýapon işewürlerine
ýurdumyzda uzak möhletleýin esasda iş alyp barmaga hemmetaraplaýyn goldaw
bermäge taýýardygyny tassyklady.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz şu günki
duşuşygyň iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän täze bilelikdäki
başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene bir möhüm tapgyr
boljakdygyna ynam bildirdi.
Işewürler hormatly Prezidentimize wagt tapyp, şu duşuşyga
gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň çykyşynda beýan eden
teklipleriniň möhüm ähmiýetini bellediler we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge
taýýardyklaryny aýtdylar. Şeýle-de olar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň
aprelinde Ýaponiýa amala aşyran saparynyň, onuň çäginde geçirilen duşuşygyň
ähmiýetine ünsi çekdiler.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan
syýasatda, ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda uly ösüşleri gazandy. Işewür
toparlaryň wekilleri ýurdumyzda häzirki wagtda senagat ulgamyny ösdürmäge,
infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga, sirkulýar ykdysadyýete geçmäge,
galyndylary gaýtadan işlemäge uly üns berilýändigini, munuň bolsa
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine jogapkärçilikli çemeleşmäniň
aýdyň mysaly bolup durýandygyny nygtadylar we ýapon kompaniýalarynyň bu ugurda
hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy
boldy. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary
ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sumitomo
Corporation Europe Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ähtnama; Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi Corporation
Machinery, Inc.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we
hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli
ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky
döwlet komiteti bilen «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş
banky bilen «Mizuho Bank, Ltd.» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyk; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky
Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik
mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda talyplary alyşmak barada özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar
uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we
tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek
hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy
Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän
zawodyň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmak möhletini uzaltmak boýunça özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen konsorsiumyň
düzümine girýän «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri
Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda
Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini
ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek
hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen
«Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş
Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa)
kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy
etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy
doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Şeýlelikde, şu günki duşuşyk we gol çekilen resminamalar
özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan türkmen-ýapon ykdysady
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi berer.
* * *
Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň
hormatyna Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň adyndan resmi agşamlyk
nahary berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa
iş sapary dowam edýär.