Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz
Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2025» atly halkara
maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden
gutlady.
Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda uglewodorod
serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we
dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýandygy, bu ugurda
tagallalary birleşdirmek öňde goýlan maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň
hatarynda durýandygy nygtalýar. Şoňa görä-de, toplumyň eksport
mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly
turbageçirijiler ulgamyny döretmek we logistik kuwwatyny berkitmek, bu ugurda
halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridir. Şu ýylyň iýul aýynda «Türkmennebit» döwlet
konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar
toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň täze nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji
gämi duralgasynyň ulanmaga berilmegi hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, häzirki
döwürde ýurdumyz tebigy gazyň eksport ugurlaryny artdyrmaga uly ähmiýet berýär.
Bu ugurdaky möhüm taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçirijisini hem-de onuň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly
bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň taslamasyny görkezmek bolar. Bu iri
gaz geçirijiniň durmuşa geçirilmegi sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün
etmäge, goňşy we sebit döwletleriniň halklarynyň abadançylygyna, olaryň gülläp
ösmegine gönükdirilendir. Şeýle hem Türkmenistanyň gury ýer bölegi bilen
birlikde, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz
toplumlary üstünlikli özleşdirilýär. Biz şeýle taslamalary geljekde hem durmuşa
geçirmegi dowam etdireris.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.