1-nji aprelda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň,
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş
maslahatyny geçirdi.
Maslahatda milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, eziz Diýarymyzda şanly seneleri guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.