24-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň
gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda ýurdumyzyň
oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabatlary
diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek
meselelerine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň
häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde
talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň
zerurdygyny belledi we degişli tabşyryklary berdi.