Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany mähirli
mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe
we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara
foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, Wladimir Putiniň bu foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň
Bitaraplyk syýasatynyň goldanylýandygyny tassyklaýar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti döwlet
Baştutanymyzy bu günki çäräniň üstünlikli geçirilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň alyp
barýan Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berdi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň
oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasaty sebitde durnuklylygy üpjün etmäge
ýardam berýär, dünýä ýurtlary, şol sanda Russiýa bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasy bilen
strategik hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we ýurtlarymyzyň
arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ozaldan gelýän dostluga, ynanyşmaga, özara
düşünişmäge esaslanýandygyny aýtdy. Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus
hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde aýratyn orun eýeleýär. Medeni-ynsanperwer ulgam
hem özara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup çykyş edýär. Şunda ylym, bilim,
saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Russiýa
Federasiýasy bilen hemmetaraplaýyn köpugurly hyzmatdaşlyga taýýardygyny
tassyklap, türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan
beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.