Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň
orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip,
Russiýada Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini
belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putiniň we Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň hormatly
Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Şeýle-de myhman Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ulgamda gazanýan
üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir
galdyrandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň
Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny mähirli mübärekläp, Russiýanyň
ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň şu
gezekki saparynyň ýurtlarymyzyň arasyndaky yzygiderli hökümetara dialogy dowam
etdirmekde möhüm ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmana türkmen
kärdeşleri bilen gepleşikleri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara
türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisini üstünlikli geçirmegi arzuw edip,
duşuşyklaryň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge
täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan
Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn
ähmiýet berýär. Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda dostluk, ynanyşmak we
deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar ähli ugurlarda üstünlikli
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygyň diňe bir
ikitaraplaýyn derejede däl, eýsem, köptaraplaýyn formatda hem netijeli
ilerledilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň BMG-niň we
GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr. Şunda «Merkezi Aziýa — Russiýa» formatyndaky
hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Söwda-ykdysady ulgam türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm
ugrudyr. Köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy ýurdumyzyň esasy söwda
hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär. Döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ylym-bilim, saglygy
goraýyş, medeniýet ugurlary aýratyn orun eýeleýär.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary
Marat Husnullin iki ýurduň hem däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan
beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.