milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
13 sagat öň 12 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Rumyniýanyň Prezidenti Nikuşor Dana we ýurduň ähli halkyna Rumyniýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikuşor Dana tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.